Meniň enelere ýanýar ýüregim
Meniň enelere ýanýar ýüregim,
diňe Tejendäki däl,
çagalarny ýer sermenip ulaldan,
hemem alyp galjak bolan ajaldan,
özi giden soňra ýüregin tutup,
meniň enelere ýanýar ýüregim,
goý, kim gülse gülsün emelde utup,
gözüni ýag alyp, görmedik bolup,
eşitmedik bolup kimsäniň sesin,
ýa başarsa hemmäň sesini kesip,
meniň enelere ýanýar ýüregim,
garyp enelere Lebap, Balkanda,
Daşoguzda, Maryda, hiç parhy ýok,
meniň üçin enelere ýanmaýan,
gara şaýy, ýa şonça-da nyrhy ýok,
meniň enelere ýanýar ýüregim,
Siriýada, ot içinde urunýan,
ýa Yrakda diri ýakylan oda,
zorluk, sütem bolsa adam başynda,
gorkany, ürkeni goşa görünmän,
has köp bolup sürýär üstünden tanky,
emmaki sen tank diýmesiz oňa,
belki, gül seçmeli ýolunda durup,
meniň enelere ýanýar ýüregim,
çünki olar ölýär ömür doguryp...