Surat

Täzelikde tapylan köne goşgy

Ykbalyňy berme kimsäň eline,
goý, ol ataň, eneň bolsun, düşündir;
Ömür diňe ýeke gezek berilýär,
bir atyňdan düşseň, diýmersiň mündür.

Ykbalyňy berme kimsäň eline,
goý, ol äriň bolsun ýa-da aýalyň.
Ogurlatma ömür atly göwheriň,
satma kimsä arzuw bilen hyýalyň.

Ykbalyňy berme kimsäň eline,
ýol boýunda biten söwüt mysaly.
Her geçen baldagyň ýolmasyn çekip,
ýa bakmasyn misli ýatakda maly…

Ykbalyňy berme kimsän eline,
başlyk bolsun ýa başlygyň başlygy.
Öz-özüň özüňe eýe bolmasaň,
seň özüň özüňe edýäň kaşlygy.

Ykbalyňy berme kimsäň eline,
zyňylmajak bolsaň eliň tersine.
Kimiň haýpy geler ýa kim sereder
öz-özün öwrene döwük kersene?!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019