Surat

Almaly goşgy

Alla, almadanam gorkmaly boldy,
ýogsa allanäme daşyndan baksaň,
dükanda ýalpyldap, gözüňi iýýär,
alýarsyň her güne birini sanap,
indiki gelýänçäň gutarmaz ýaly,
sebäp halk pähimi her gün bir alma
ne dert, ne-de doktor getirer diýýär.

Alla, almadanam gorkmaly boldy,
öz bagyňda bitmese,
hemem tänip gaçmasa agajynyň astyna,
gurçuklyja bolmasa,
ýa-da zaýalanmasa,
wagtynda "hal etmeseň",
kämil almalardan, kämil armytdan,
owadan, hiç kesel gelmez golaýna,
geçen güýzden bu güýze
zaýalanman durýan, hatda öýüňde,
sowuk ýerde goýmasaň-da,
jinnek ýaly özgermän,
şol durşuny saklanýan,
gurçuk degmez miwelerden
gorkmaly boldy örän,
belki, ýerden hemem howadan däl-de,
adam akylyndan, emelden dörän?

Alla, almadanam gorkmaly boldy,
diňe etden, ýagdan däl,
balyklardan, gör, näm bilen bakylýar?
Adam emel salýar biri-birine,
hemem, meger, emelinden ýykylýar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019