Surat

Olar bir-birine "syrtlan" diýýärler

Olar bir-birine "syrtlan" diýýärler,
beýle kemsitmäň-ä diýýän adamy,
emma hiç sözümi diňlemeýärler,
diýmeýärler diýýämiň ýa aýdýamyň.

Meger, näçe ýakyn barsaň, ysnyşsaň,
şonça çuňňur tanaýarsyň ynsany.
Olar bir-birine ýakyndy juda,
bir frontda saçyp der bilen gany.

Daşdan gören bir diýýärdi şübhesiz,
bileleşip, daş zyňsalar çar ýana,
çem gelene, özlerinden bolmasa,
ýa özleri bilen eglip-galmasa,
bäşmi-alty, ýedi wagt namaza,
ýa arak başynda nutuk sözleşip,
başgalary dar ýerlere salmasa...

Hemme ýüzi ýyrtyk bolmaýar beýle,
kim utansa deň bolmaga deňsize,
kimse ejap edip, çekilýär yza,
garasy ýokmasyn gazanyň diýip,
emma olar muny ýeňiş saýýardy,
barha eselýärdi şer donun geýip,
ýöne herki zadyň öňi, soňy bar,
erbetligiň soňy ir gelse eýi!

Olar bir-birine diýýärler her zat,
diňleseň, dünýäni düňderjek dady;
ýogsa ýap-ýaňydy bile, bir bolup,
bile bolmadyga diýip her zady,
biri-birin asyp arşdan, asmandan,
basyp alýardylar ady, şöhrady.

Indi, gör, nämeler üýtgedi, bilmen,
olar bir-birine "syrtlan" diýýärler,
hem sargyt edýärler jaň edip başga,
ozalky dostlaryn garalap, bozup,
kemsitmäň-ä diýýän syrtlany beýle,
emma hiç sözümi diňlemeýärler,
ýa-da bolmalymy bu zatlar şeýle?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024