Surat

Ömrüň manysy

"Fall seven times, stand up eight." Japanese proverb.

Ýedi ýykyl, sekiz gal,
kak üstüňi ymykly,
ýykylaňda ýylgyran
saýmasyn özün hakly,
göreşe çykman, busup,
entäňde akyl satan,
özün asmandan asyp...

Ýaraňy sara mäkäm,
ýa-da gum sep arassa,
porsap ýatma ölmäkäň,
özüňe bolma gassap,
çekme ýüzüňe gara,
özge etse aýby ýok,
etme özüň masgara!

Ýedi däl, ýetmiş ýykyl,
goý, bar ýeriň ganasyn,
ýene-de tur, durjak bol,
şudur ömrüň manysy!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019