Surat

Seni senden başga saklajak bolmaz

Seni senden başga saklajak bolmaz,
ýa ýykjak tapylmaz ýanbaşdan urup,
özüň kömek bermeseň,
gorkup ýa gowşap,
ne ýollar, çarkandak, gaçyrar badyň,
ne diller, awuly, garalar adyň,
seni senden başga ters ýola saljak,
ýa-da azaşdyrjak ýok asla bilseň,
ýeňseň, ýeňişlerim meňki diýşiň deý,
özüňden gör eger ýeňilseň, ölseň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019