Köne nakyla täze düşündiriş
Adam adamdan gutular, adam pälinden gutulmaz. Türkmen nakyly
Olar bolýan zatlary
görýärler ýa bilýärler,
biriniň öýi ýykylýar,
biriniň ogly tutulýar,
gyzy basgylanýar başgaň,
galanlary aç-hor mydar edýärler,
ne işi bar idili, ne çagasyn okadýar,
gelejegi garaňky,
ortadan aňyrrak geçip bilmeseň,
kyn bolar seňki!..
Olar bolýan zatlary
görýärler ýa bilýärler,
emma görmedik bolýarlar,
bilmedik bolýarlar höçjet,
sebäbi zoruň güýji,
sebäbi zeriň güýji
gorkuzýar ýaman,
goly ýuka bolsaň,
bolmaly çaman,
diňe aýakda däl,
pikirde, belki,
garyp bolup, dilli bolsaň,
kyn bolar seňki!
Iki-ýeke sada,
jan durman, meger,
dözmezlikden paralasa bagryny,
diýse dili guraýança,
ýazsa gaçýança galamy,
perwana deý ataşa
ursa hemem ýansa lowlap,
aýtjak bolup kelamyn,
olar bolýan zatlary
görýärler ýa bilýärler,
eşidýärler görenlerden jikme-jik,
emma mamlaň mamla bolanyn görmek,
boýun almak kyn bolarly daşyňdan,
içiňden gemirse göriplik ody,
görseň-de gezegiň ýetip gelýänin,
ezileniň kimsä ýetişmän dady.
Olar bolýan zatlary
bilýärler ýa görýärler,
ýöne görmedik bolýarlar,
bilmedik bolýarlar uklap
ýatan bolup gözi açyk,
adam pälindenem gutular, belki,
oýa ýatanlardan gutulmaz gaçyp.