Surat

Jogapsyz sorag

"Meni dünýäden awara eden menden beter olsun." Garajaoglan

Meni ýurdumdan awara
eden menden beter bolar, bilýärin.
Emma bu ýeterlikmi?
Egsilermi garyp enemiň derdi,
ýa atamyň derdi, Nazarilikde
goşa tümmek bolan, göz dikip ýola,
gidenleri geläýjek deý hamala?

Meni ýurdumdan awara
eden menden beter öler, bilýärin.
Ýöne bu ýeterlikmi?
Egsilermi garyp ilimiň derdi,
diňe maly, mülki däl,
aň-üşügi talanan,
bermezek taňrydan garaşýan haka,
hem özüne ynanmajak entekler,
depesinde tans etdikçe tentekler?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024