Surat

Her kim öz gözünden görer

Her kim öz gözünden görer,
iş ýok munda geň göresi;
her iliň özüne görä
boldy, bolar beg, töresi...

Öz arşyny bilen ölçär,
öz elinde tutar her kim;
nirä barsyn, nirä çyksyn,
öz ýanynda ýatar her kim.

Öz dilinden diýer her kim,
eşider öz gulagyndan;
hiç kimiň düşesi gelmez
ölüp ýeten ulagyndan.

Biri geçit, içit galdyr,
geçer, içer yzdan gelýän;
beýlekisi köşk saldyr,
ýaşa diýsin diýer ölýän...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019