Biz
Gwendolyn Bruksyň äheňinde
Biz birek-biregiň harmany, dostum;
biz birek-biregiň biznesi-işi;
biz birek-biregiň belentligi hem
ýapyşalga bagy, direg-daýanjy,
emmaki sen meni, öz harmanyňy
goramasaň, işiň bolsa has möhüm,
emmaki men seni, öz harmanymy
goramasam, işim bolsa has wajyp,
ýa-da meniň işim diýmesem seni,
garakçylar talap, gözün güldürse,
sen görmedik bolsaň meni,
nadanyň nökeri ursa, öldürse,
biz birek-biregiň harmany däl-de,
Artygyň harmany bolarys, belli,
biz birek-biregiň işi, biznesi,
diregi-daýanjy bolmarys elli,
altmyş, ýetmiş ýaşa ýetsek-de ýaşap,
walla, akyl ýaşda bolmaýar diňe,
başda bolýar bolanda,
biz birek-biregi goldamaň ýerne,
aýagyna kaksak ýeri gelende,
biz birek-biregiň belentligi däl,
binýady däl hiç haçan,
depesinden inen daşy bolarys;
guwançjy däl bir-biregiň gözüniň,
belki-de hiç diňmez ýaşy bolarys...