Surat

Bolmaz çukury

Hiç bir halky diktator
saklap bilmez ösüşden,
ene-atalar saklar.
Sebäp olar çagalaryn gorarlar
ýykylmakdan, maýyp bolup galmakdan,
ölmekden, belki,
hem özlerin açmakdan,
synamakdan saklarlar,
çekerler her sagat yza,
maýyp ederler saklap,
bedenden däl, beýniden,
baky galmajak dyza!

Hiç bir halky diktator
saklap bilmez ösüşden,
ene-atalar saklar.
Sebäp olar çagalaryn eý görer,
gorar hatda oýundan,
çünki gorkar kelledäki küýünden,
kör bolarmyş söýgiň gözi,
"Eje, oýnaýaýyn ýene azajyk?" -
diňlenmez hiç çaga sözi.

Hiç bir halky diktator
saklap bilmez ösüşden,
ene-atalar saklar.
Sebäp gorkar olar çagaň
her basan ädiminden,
hem gorkuzar aç-açan:
"Ýykylarsyň, çykma baga,
urma suwa dikbaşaşak hiç haçan,
sürme tigriň eliň aýryp ruldan!.."
Şeýdip täze nesli dörär ululaň
çagalykda ’bolmaz’ çukurna gaçan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019