Bugdaý oýlanmasy
Bugdaý eken bugdaý alýar, elbetde,
bu kada, bolmaly, bolup ýören zat,
ýöne käte, geň bolsa-da neneňsi,
kada köýnegine sygmaz adamzat.
Hawa, bugdaý eken bugdaý almaly,
emma bugdaý ekip, arpa alýan-da,
hiç zat almaýan-da tapylýar käte;
arpa ekip, ýa-da ekmän hiç ekin,
bugdaý alýan-da kän goja dünýäde!
Gep ekmekde däl-de, ormakda eken,
Emma bize beýle diýmändiler hiç;
Aýdylmadyk zada, çyplak ýalana
maňlaýyň ýardyryp, düşünýärsiň giç...