Surat

Gün dogasy

Günüň ýaşyp barýan çagy,
ýüze sylyp şapagy,
dileg etdim arada:
Erkimi ber, Ýaradan,
egilene egdirme!
Berkimi ber, Ýaradan,
döwülene döwdürme!

Dilimi ber, yzymda
söz goýaýyn sözläre;
Ilimi ber, gözi, göwni açylan,
giden günüm çyny bilen gözläre?!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019