Surat

Özüň üçin dur, çekilme

Özüň üçin dur, çekilme,
bir ädim, iki ädim,
a soň on ýa ýigrimi,
yzda ýer ýok çekilere,
çekilenler üst-üstüne
ýatyr onda siňekläp;
Özüň üçin dur, çekinme,
bahana kän çekinere,
ýa sebäp hatar-hatar,
emma her bir çekineni
tapylmaz gelip çeken
ýokaryk ýa biraz öňe,
ýa-da ýatyryp eklän,
hem nämüçin eklemeli?
Özüň üçin dur, çekilme,
çekinme hiç durmakdan,
durmasaň bolmaz saklan,
hem nämüçin saklamaly?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024