Ynsanlyk ýap!
"Ynsanlyk diýe ýaparsyň, emma karşyňdaky ynsanmyki? Seni kendisi kibi zand eder." Türk kinosyndan
Bu ýerden geçýän kän örän,
hemem kän lapykeç bolýan,
çünki dogry aýdylýan:
"Garşyňdaky ynsanmyki?"
Emma hemme wagt däl,
ýagşylyk et, derýa taşla,
ýagşyň muzdy nagt däl...
Dogry, dürsün ýapjak bolsaň,
egridir öýder egrisi,
ogrudyr öýder ogrusy,
arakhor içjekdir öýder,
aýalbaz guçjakdyr öýder,
tirýek çeken "tirýek çekýär" -
diýip arlar azarlanda,
dil bir öl ýere biten zat,
hem näm bolsa, çykar ganda,
ýürekde, kalpda bukulan,
aýdylan-a owal, öňden:
"ýokdur pälinden gutulan!"
Isleginden gaýdar pikri adamyň,
niýetinden geler sözi, sözlemi,
öz dünýäsi bilen bakar ol dünýä,
hemem öz gözünden görer başgany,
başga başga gözden bakmak
berilmez, başartmaz hemmä,
göýä, aç çaga deý iki el bilen,
iki gözün petredip,
ýapyşan akja memmä,
hem çyrlaýan nem dammasa agzyna,
gahar bilen bakma enä,
gazap bilen bakma dünýä!
Bagyşla çagany, ajyň aňy ýok,
hem ejizi, egsigi, azaşany ýolundan,
gahara, gynanja, ýa bahyllyga
ýesir düşenleri, gelse goluňdan,
ýagşy niýet bilen golda daşyndan,
töhmet bolup inmäkäler başyňdan,
hemem başga iş gelmese eliňden,
körlere ýagtylyk dile her säher,
üşük dile üşüksize,
kaşyk dile kaşyksyza,
aşyk dile aşyksyza,
pyýada maşynly bolsun,
öýsüzler täze jaý salsyn,
işsiz iş tapynsyn gowy,
her gapyda toý tutulsyn!
Ynsap dile ynsapsyza,
ogurlygyn azaltsyn,
doga et - hiç hili uruş bolmasyn
adam ogly arman bilen ölmesin,
gaýgy etme garşyňdaky
ynsanmy ýa däl diýip,
çünki ynsanlyk ýapan,
uly-kiçi parhy ýok,
razy bor özünden,
dogry, öler, emmaki,
ynsanlyk ýapmadyk ýaly,
ölmez öz etin iýip!