Ýaryşma hiç adam bilen
Ýaryşma hiç adam bilen,
öňe geçjek bolma ozup,
ýa egninden basma kimsäň,
aýagyna kakma jyzyp,
direnip bolar-bolmaza,
pursat arap, gabyr gazyp,
jaýlajak bolma agsany,
boljak bolma uly, goçak,
ketde boljak bolma ýalan,
herki zadyň bardyr sany,
öz hasaby ýöredilýän,
ýaryşma hiç adam bilen,
ozjak bolup ýakma jany,
öz işiňi etjek bol täk,
göwün beren işiňi,
ýürek beren işiňi,
ulusy ýa kiçisi ýok,
ýöne kemin goýma işiň,
emma baýrak üçin etme,
saýlanjak bolma has öňe,
ýa at üçin etme işiň,
iş üçin et, adam eden adamy,
öz işiňden gülsün dişiň!