Surat

Iň uly heýkeli enä dikmeli

Iň uly heýkeli enä dikmeli,
iň gözel heýkeli enä dikmeli,
iň görnükli ýerde, her gelen, geçen
görer ýaly edip goýmaly ony,
çünki hemmäň - sanly, bisan,
dünýä beren enesi bar,
goý, ýatlasyn her bir ynsan,
hem ýüregi ýumşasyn,
gaýtsyn ýaman bolsa päli,
ýa öňünden barýan nebsin
jylawlasyn azajyk,
has-da ozup gitmez ýaly,
çünki hiç kimiň ejesi
çagasyndan kesip iýmez,
çagasyndan kesip geýmez,
özi iýmän, iýdirer ol,
özi geýmän, geýdirer ol,
enä gurban bolsaň owal!

Iň uly heýkeli enä dikmeli,
ogla däl, eger-eger,
eneleri agladan,
ýetimiň, dul hatynyň
hakyn iýen näkese
ýadygärlik bolarmy,
onda-da dirikä aýatda heniz,
adam adam bolar enä meňzese!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024