Surat

Men nadanyň söz hukugyn goradym

Men nadanyň söz hukugyn goradym,
dana bolup görner ýaly azajyk,
men azgynyň söz hukugyn goradym,
adam bolup görner ýaly azajyk,
men ogrynyň söz hukugyn goradym,
dogry boljak bolar ýaly azajyk,
men egsigiň söz hukugyn goradym,
galmagyny isläp biraz ýokaryk,
men mesiň-de söz hukugyn goradym,
men pesiň-de söz hukugyn goradym,
agzy ýetse egnin iýjek birisi,
adam haky hakda sözlejek diýse,
söz hakyny berjek boldum,
"Ejiz ile nepi ýeter, belki-de,
ýa ýamanam öz pälinden
gaýdar ýagşy söhbetden soň" -
diýip umyt etdim, biderek boldy.
Men nadanyň söz hukugyn goradym,
ol maňa taýak saldy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024