Surat

Saz seniň her ädimiň

Saz seniň her ädimiň,
owaz seniň barýan ýoluň,
ýokaryk çyk, aşak in,
bisaz bolsa, özüňden gör ozaly,
günäleme ili diňe,
ýazgarmaga ýagy tapma,
endik edinme pes heňi,
sebäbi saz her ädimden,
her pikirden başlanýar,
niýetden uç alýar owaz,
pikir etme ýaramaz,
ýagşyny ýamana ýorma,
belki, haýyr bar her şerde,
şerçini-de ýigrenme,
netije gözle gowy,
zeýrenme soň gül ömrüňi
haram pul ýaly sowup...

San Fransisco, Washington, New York, 21-30.05.15.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024