Surat

Beýni meselesi

Beýnu meselesi - uly mesele,
ynjyk mesele!
Kim ulanýar ony aňry çäginde,
kim ulanjak bolýar çytraşyp, dartyp,
kim asla bardygyn bilmeýär onuň,
ýa-da iýilýänin näm bilen, walla,
bütin ömrün geçýär açlykda ýortup,
yzynda döwüm nanyň,
her gün dileg edýär, ber diýip, alla;
ýöne açlyk gutarmaýar bu ýerde,
ol uly alladan, hudaýdan hatda,
kän zat gerek adam ogly açlykdan
çykjak bolsa, boljak bolsa dok adam,
dik adam hemem,
eger ol bilmese beýnisi näme,
näme bilen iýilmeli, hiç haçan
ne dok bolar, ne dik bolar,
boýy bilen altyn bersin ýaradan,
köşgi-eýwan etsin jaýyn,
iýjegin bal etsin günde,
galar ol şol açgözlügne,
gynanarsyň garyp bendä...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024