Surat

Hajatyny halkdan dilän

"Butparazlar butdan alsa myradyn, Hajatyny hakdan dilän almazmy?" Magtymguly

Hajatyny hakdan diläp almadyk,
alajy ýok, halka ýüzlener ýene,
emma halkam bermäni
aňsat görmez içene,
ýa çekene owal-ahyr alanyn,
ýa-da sowurana başga bir keýpe,
üstüni ýetirmän mähnetin çekip,
hakyň alajy ýok beýle adama,
halkyň alajy ýok beýle adama,
ýöne bir gowy zat, diýýär ol diňe:
"Kömek ediň, kömek ediň!" - ýadaman,
delminip her gelen geçegçä ejiz,
tama edip her gün sadaka nandan,
men ony kän artyk saýdym içimden,
öz ilini talan şadan, soltandan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024