Surat

Diri şäher

Şäher adamlary bilen,
ynsany bilen owadan,
jaýlar ony bezäp biler,
emma beýik etmez hiç,
köçelerden erkin adam
akymy akmasa durman,
çagajyklar oýnamasa,
gelmese görmäge kimse,
ýat illerden syýahata,
ýa-da öz ilinden gaçyrlan bende
dolanyp bilmese yzyna günde,
ýa-da günaşa,
ýylaşa hatda,
şäher bolmaýar,
sebäbi şäher hemişe
adamlary bilen gözel,
ynsany bilen owadan,
emma ol ynsanlary
elekden geçirse biri
ownukgöz elekden ownuk,
galarmy şäher diri?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019