Ýalan gahrymanyň kulty

Ýalan gahrymanyň kulty
kime näme üçin gerek?
Bu soragy berýän emma,
jogap agtarmak biderek...

Nämüçin ýalany goraýar köplük,
ýa düşünip, ýa düşünmän, mönsüräp,
eşitmedik bolup hiç hakykaty,
faktlary ýugrup ýalan suwuna,
ýa-da gybat galasyna gum daşap,
a soň gybat deňzinde, hakykaty gark eden,
çagalary bilen gaýyksyz galyp,
nämüçin ýalany goraýar millet,
neden özün heläk edýär halaýyk?

Ýalan gahrymanyň kulty,
çopan ýaly, goýun itli,
eli egri taýakly,
bilýän örüsin gowy,
hemem gurt-guş howpuny,
zerurlykmy ýa bakyýa,
biljek bolalyň şuny?

Mysal, birlerine ýalan
gerek ogurlyk etmäge,
"gahrymana" bukulyp,
o diýen bolman ägä.

Beýlekiler, ogry diýip,
daşlap ýalan gahrymany,
başga bir ýalany ýylmar,
başarsaň, çykar-da many?

Ýalan gahrymanyň kulty,
hiç parh etmez içde, daşda,
meger, bizi heläk edýän
agyr kesel owal-başda!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024