• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Ýol goşgusy

Eneň aglar yzyňda, ataň başyny sallar,
Syr bildirmän daşyňdan, öz-özüňi iýersiň.
Doganlaryň käýiner: "Nä güne saldyň, walla?"
Ahyr içden "Bu söwda kime derkar?" diýersiň.

Biri gop beren bolar, gep beren bolar biri,
Ýa-da garpyz gysdyrar goltugyňa bukulyp,
Garaşarsyň, kim geler, tapylmazmy bir diri,
Burnuň ganap ýatyrkaň, aýagyňa kakylyp...

Geler biri, ýetişer, garaşmaýan ýeriňden,
hem düşüner ýat bende sözlemedik sözüňe.
Emma galyp, sesiňi ýetirjek bolsaň ýakyn,
ýoldaş diýen ildeşiň barmak dürter gözüňe.

Şeýdip başlanar başga, garaşmadyk söweşiň,
Daş duşmana el ýetmez, babadaşyň batyr bor,
Eneň öler yzyňda, soň ataň gider göçüp,
Ol öňki bedew göwnüň ýolda galan gatyr bor...

  • 02.05.2015
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019