Başgalara garaşma
Başga biri eder diýip garaşma,
öz geçýän ýoluňda ir ertir, agşam,
ýatan bolsa daş ýa kesek,
egil-de al hemem taşla bir gyra,
ýüzugruňa, suwsaňda suw içen ýaly,
minnet etme ile-güne,
daş aýyrdym ýoluňyzdan,
çaga-çuga büdräp ýogsa,
bir ýerin ederdi ýara,
diýip pikir etme hatda,
çykar başdan ham-hyýaly,
daş ýa kesek nämemişiin,
walla, daga ursaň azy,
ýol ugrunda duran gara,
hem dişiňi döwdürseň,
garaşma bulamak beren,
ýa göteren goltukdan
tapylar diýip bir gün,
daşa gaçman galsaňam,
ýekelige borsuň sürgün!..