Aňsat bilen kyn

Biriniň üstüne çöwjemek aňsat,
pürkmek asan ajyňy,
ýa arkaňy diräp gara gudrata,
sürünmek aňsat birine,
günälimi-bigünä,
agyrtmak aňsat özgäni,
basmak aňsat galmaza,
özüňi aklajak bolup,
ýuwjak bolup günäňi,
agyrmy-ýeňil,
ýa bolman özüňi aldamak üçin,
aňsat birin garalamak,
deň bolmajak bolsalar,
hem deňiňe aşak düşmeseler hiç,
çöwjemek aňsat soňsuz,
ýöne bu kyn jogap bermän dymýana,
agyr jogap, düşünene iru-giç...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019