Surat

Lukman diýdi...

Lukman diýdi: "Herne daýaw bolaýyn,
ýa-da emim güýçli bolsun neneňsi,
hassam dert öňünde galdyrsa elin,
dyza çökse, ýatsa başyn basyryp,
oturjak bolmasa, turjak bolmasa,
göni gelen derdiň öňünden çykyp,
ýaňagyna şarpyk urjak bolmasa,
galdyrmasa başyn ýassykdan hatda,
walla, meniň edip biljek zadym ýok,
heran-haçan şuny çykarmaň ýatdan..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024