Surat

Oslo, kenardaky oýlanma

Ýaz ýa ýazma, otur çekil-de yza,
dik dur ýa-da çökjek-çökjek bol dyza,
kim ol saňa baha berjek daşyňdan,
kim ol nälet daşyn saljak başyňdan,
kim ol, näme, näme isleýär ýa-da
nämeleri islemeýär, bilmersiň,
emma bir zat belli, sen gerek oňa
öňe çykyp, gara işi etmäge,
iş nämemiş, ölüme-de gitmäge,
hemem getirmäge tapan-tupanyň,
köpri ýa-da jaý gurmaga gara gün,
gara görgi görüp ýaşaýan bendä,
ýöne ol seň gara guýup üstüňden,
aljak bor eliňden getiren zadyň,
bozjak bor adyň,
bilmez ýaly hiç kimse,
hemem atly boljak bolar bir özi
çünki hasap soralmaýar kim ýeňse...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024