Surat

Dost bilen duşmanyň parhy

"Dost başyňa sereder, duşman aýagyňa." Halk pähimi

Sen ýeriňden galyp, ne diýjek bolduň,
näme etjek bolduň, bolmadyň ýa-da,
nirä gitjek bolduň kötele urup,
näme getirjekdiň gelseň yzyňa,
bilmez muny dost diýeniň köpüsi,
ýa ýakynyň, diňe eliňe bakan,
emma duşman biler niýetiň, päliň,
hem baglajak bolar geçjek ýeriňi,
ýapjak bolar tapyp ýörejek ýoluň,
ol diňe aýaga seretmez daşdan,
ýakyn geler, eli demir taýakly,
dostuň ýa doganyň mes wagty aşdan,
ýa ýeňsäňden deper, ýa urar içden...

Sen ýeriňden galyp, ne diýjek bolduň,
näme aýtjak bolduň wajyp ýa möhüm,
bilmez muny ýakyn duýeniň ýatdan,
emma ýat biler,
hemem biri elin berip,
öz suw içen derýasyny görkezer,
ýa balygyň bol ýerine el salgap,
aç ölmezlik alajyny edişer...
Sen ne halda, bilmez dostum diýeniň,
duşman biler, soňuna çen gidişen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024