Eliňden gelse, başarsaň

Eliňden gelse, başarsaň,
bir adamy ýylgyrdyp,
ýüreginden, ýaz ýaly,
bir gowy ýürekli, gowy niýetli,
ýekeje adamy ýylgyrdyp bilseň,
begendirip bilseň, ýürekden, çyndan,
hemem öňküsinden gowy bolmaga,
bolman erbet bolmazlyga,
pese, ýapaşaga inmäge böwet,
ýa-da bir kiçijik çöp bolup bilseň,
diliňden gelse.

Eliňden gelse, başarsaň,
bir gelini ýylgyrdyp,
ýüreginden, ýaz ýaly,
güldürmegi oňarsaň,
bir çagany begendirseň,
ýa diňdirseň aglan wagty,
ýeri tapbatlap urup,
"ýykarsyňmy ýene?" - diýip,
hemem ýoluň dowam etseň,
ýüregiňe begenç geýip.

Eliňden gelse, başarsaň,
bir enäniň alkyşyny gazansaň,
bir atanyň ýükün ýeňletseň biraz,
ýakyna, ezize eliň ýetmese,
bolmanda bir kesekini, ýat ilde,
ýykylan hem ýatan galkynyp bilmän,
ýerinden galdyrsaň ganyny sylyp,
hemem öz ýoluňa gitseň gaňrylman...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024