Surat

"Ýowşan" diýip...

"Ýowşan" diýip, gyrymsyja, goragsyz,
agyz uran, çeýnäp atjak kän boldy,
bir gezek däl, gaýta-gaýta synanyp,
köküň bilen goparyp, oda ýakjak kän boldy,
ýöne seniň diňe ýowşan däldigiň,
eýsem, ajy ýowşandygyň bilenler,
aňlanlar az boldy, meger!
Ýöne bu-da owarram,
esas seni "ajy" diýip ýigrenmän,
derman ýowşandygyň bilse käbiri,
ömürboýy çeýnelenňe üýşülip,
atylanňa ataşyna pesligiň,
hem ýagtylyk üçin ýananňa deger!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024