Eje jan, bagyşla, käbäm!

Eje jan, bagyşla, käbäm,
elimi uzatdym ile,
elde barym berjekdim,
ellerime urdular,
dilimi uzatdym ile,
dilde barym berjekdim,
dillerime urdular;
Eje jan, bagyşla, käbäm,
durjak däldim daşdan garap,
ölsem-galsam barjakdym,
emma daşdan taýak salyp,
aýagyma urdular,
turmaz ýaly, durmaz ýaly,
üýşüp gapan gurdular;
Eje jan, bagyşla, käbäm,
hemem bagyşlama hiç,
ogluň bolman, däldirin men,
ýetişmesem iru-giç!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019