Surat

Gaýybana hoşlaşyk

"Ylym öwreden ussat - kyblam pederdir!" Magtymguly

Men sorardym: “Kaka, barmyka hudaý?”
Sen diýerdiň: “Walla, bilemok, oglum.”
Ýöne soň obanyň arakhor, egsik,
il gözünden düşen iki-üç oglun,
heşelle kakmazdan alardyň mysal,
hem diýerdiň: “Şolaryň
atalary seniň halal ataňy
’Halk duşmany’ diýip satdy, tutdurdy,
on ýyl berdirdiler, bäş ýyldan soňra
gaýdyp geldi sag-aman,
hatda seni gördi, guwandy, güldi,
a olaryň ogul-gyzy utdurdy...”

Bu seniň terbiýäň, bu seniň ýoluň,
atam, hak ýoluna çykdym “huw” diýip,
emma nä günlere saldy halallyk,
ýöne yza dönüp bilmedim “iýip,
içip, guçup, keýp çekeýin ýa-da
çem gelen döwrany süreýin, walla,
gowy etjek bolsa, görýär-ä Alla” -
diýmedim hem gitdim soňuna çenli,
daga-daşa urup gara başymy,
bu seniň terbiýäň, bu seniň ýoluň,
bagyşla, halallap iýdim aşymy,
ýa-da iýjek boldum, başardygymdan;
bagyşla, ne ile, ne-de özüme
ikilik etmedim, gümanym bolsa,
gijeler özümi iýdim, gemirdim,
gündizler ýene-de bilimi guşap,
atam, ýene seniň ýoluňa çykdym,
halallyk ýoluna, hakyň ýoluna,
ynanan ýoluma urdum başymy,
ýüzüme ursalar, sylyp ýaşymy,
görkezmejek boldum çagama, ile
atam, eziz atam, kyblam, pederim,
ýetişmesem, tabydyňy
götermesem bagyşla,
her näme diýsinler, näme etrsinler,
ynan, halal ýoluň bilen giderin!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024