Terror döwleti, halk we ýazgarylan ýazyjy
"...Seýdi diýer: “Tur, Haýdarym!
Haldan habar ber, Haýdarym!”
Sözleri şeker, Haýrdarym,
Ýakdy meni tiliň, balam”─ diýen setirler gulagyna ýeten Hydyr Derýaýew elimden çekdi-de:
─ Saklan, Soltan Hüpbi, saklan! — diýip hamsykdy. —Ýürek gaty ýukalypdyr.
─ Hydyr molla, nämä hapa bolduň?
─ Ýaňky setirler meni geçmişe aldy ötägitdi…
─ Seýitnazar Seýdiniň döwrünemi?
─ Ýok. 1937-ä. 1937-nji ýylda, edil Seýdiniň goşa pudagy ýaly, meniňem goşa pudagym ─ heniz bir ýaşyny hem doldurmadyk ekiz ogullarym bir günde ýogaldy. Özi-de hut maňa sud edilen günde. Nähak töhmetiň pidasy bolup gidenlere “troyka” diýilýän üç sany adam sud edýärdi. Menem göni bäş minutyň içinde “halk duşmany” boldum galyberdim. Sud başlanmanka “Ekizleriň ikisi-de ýogaldy” diýen habar gelipdi. “Iň soňky haýyşyňy aýt!” diýip, başlyklyk ediji maňa ýüzlendi. “Edil bir sagat mundan ozal ekiz oguljyklam ýogaldy. Şo neresseleri öwlüýä eltip, jaýlap gaýtmaga rugsat ediň! ─ diýdim. — Başga haýyşym ýok”. Öz çagalary gözüniň öňüne gelendir-dä, suduň başlygy rugsat berdi.
Men öz garyndaşlarymyň, duz-emek bolan tanyş-bilişlerimiň mert adamlar däldiklerine şonda göz ýetirdim. Hatda olar meniň ölen çagalarymy göterişip öwlüýä gitmäge-de gorkdular. Sebäbi men eýýäm halk duşmanydym.
─ Dost-ýarlardanam hiç kim öwlüýä gitmedimi?
─ Ýekejesi gitdi.
─ Ol kimdi?
─ Oňa Akmyrat Orazow diýýärler. Asly Kaka raýonunyň Ýüzbaşy obasyndan. “Meni öwlüýäde ataýsynlar. Getir oglany!” diýdi-de, palasa dolangy ýatan çagalaryň birini Akmyrat goltugyna aldy. Özümem ikinji oglany göterdim…
Hydyr aga elýaglygyny çykardy.
Men gürrüňi başga ýere sowmak bilen boldum.
(Akmyrat Orazow diýilýän orta boýly salyhatly adamy men telim gezek görüpdim. Ol Türkmenistanyň metbugat komitetiniň başlygy (ministr) bolup hem işläpdi.)”
Atajan Taganyň "Kyrk ýylda ýazylan kitap" eserinden