TDH derejesi
Bu habary çap edilen gününden bäri iki müňden gowrak adam okapdyr, emma ol okyjylaryň hiç biri hiç zat görmändir ýa-da gören zatlary barada berk dymmak kararyna gelipdir.
Men ony okap, ilki nädip beýle sözlemleri düzüp bolýanyna, soň olary redaktordan nädip geçirip bolýanyna düşünjek boldum. Ýöne bu synanyşygy derrew bes etdim. Sebäbi dünýäde düşünip bolmaýan, düşünip bilmejek zatlaryň hem köp bolýar we muny wagtynda bilip, boýun alan ýagşy.