Oguz-türkmen nakyllary

Birki günlükde Sapar Ahallynyň “Mahmut Kaşgarynyň sözlügi we türkmen dili” diýen kitaby elime düşdi. Bu kitap 1958-nji ýylda, meniň dünýä inmezimden iki ýyl öň Aşgabatda neşir edilipdir. Emma men ol kitaby şu wagta çenli bir gezek elime-de alyp görmändirin. Ýogsa, türkmen dili bilen iş salyşýan, has dogrusy, esasy iş guraly dil bolan adam üçin Mahmut Kaşgarynyň bahasyna ýetip bolmajak sözlügi-de, bu sözlük bilen türkmen diliniň gatnaşygy hakyndaky ylmy barlaglar-da stol kitaby ýaly bir zat bolmaly.

Student döwrümiz mugallymlarymyz Mahmut Kaşgara köp salgylanardylar. Ýöne o wagt bizde, studentlerde bir kesel – mugallymlaryň okamagy maslahat berýän kitaplaryny soňa goýmak hem auditoriýada berlen leksiýalar esasynda, gysgaça konspekt ýazgylary bilen ekzamenden geçmek, hem mugallymy, hem özümizi aldamak endigi bardy (Meger, şulam biziň bilim telperligimiziň esasy bolandyr!). Ýadymda, her ekzamenden öň we soň öz okamaga ýetişmedik kitaplarymy soň bir gün wagt tapyp, hökman okamagy ýüregime düwerdim. Ýöne soň başga-başga işler tapylardy we okalmaly kitaplardan öňe düşerdi...

Sapar Ahallynyň kitaby maňa 20-25 ýyl mundan öň öz-özüme berip, soň yzynda durmadyk sözlerimi ýatlatdy. Eger-de men bu kitaby şol wagtlar, 1970-nji ýyllaryň ahyrynda, 1980-nji ýyllaryň başlarynda okan bolsam, bilmeýän hem hiç wagt eşitmedik nakyllarymyň bir toparyny, bilýän nakyllarymyň bolsa asyl nusgasyny-da bilip biljek ekenim. Şol nakyllary gijem bolsa bilenime, öwrenenime begenip, olary il-güne hem ýetirmegi makul bildim. Belki, meň ýaly, okamaly kitaplaryny soňa goýup, bahasyna ýetip bolmajak hazynadan galyp ýörenler başga-da bardyr.

Aç nä iýmez, dok nä diýmez. (Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez.)

Al bilen arslan tutular, güýç bilen garantga tutulmaz.

Al bilen arslan tutular, güýç bilen syçan tutmak bolmaz.

Garga gaza öýkünse, budy synar.

Suw içirmeýäne süýt ber. (Suw bermeýäne süýt ber.) (Men ozal şuňa meňzeş “Daş bilen urany aş bilen ur” diýen nakyly bilýärdim.)

Agylda owlak dogsa, arykda onuň oty öner.

Goýun ürkdi, halk ürkdi.

Täjiriň azygy arassa bolsa, ýol üstünde iýer.

Azykly är armaz.

Agyz iýse, göz utanar. (Men ozal “Iýen agyz utanar” diýip eşidipdim.)

Owlak ýiliksiz, oglan bilimsiz.

Suw akdy, ýagy akdy. (Ýagynyň goşuny geldi manysynda.)

Ýylan öz egrisini bilmän, düýäniň boýny egri diýer.

Diri esen bolsa, taň (geň zat) köp görer. (Çary kakam “Hemmesini görmäge gara başym esen bolsun” diýmegi gowy görerdi.)

Iki bugra igeşer (urşar), ortada gögeýin ýenjiler. (Iki at depişer, arasynda eşek öler.)

Kişi alasy içinde, ýylky alasy daşynda. (Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda.)

Tiken dona ildi, är dagdan aşak indi (ýykyldy).

Çölde böri uwlasa, öýde it bagry dartyşar.

Emgek eginde galmaz.

Aý dolan bolsa, el bilen görkezilmez.

Inen yňrasa, bota bozlar.

Taýýar zat ortada goýulsa, ýoga saýylmaz. (Baryny beren uýalmaz.)

Göni baran keýigiň gözünden başga başy (aýyby) ýok. (Göni gelen keýigiň gözünden başga aýyby bolmaz.)

Pyçak näçe ýiti bolsa-da, öz sapyny ýonmaz. (Gylyç öz gynyny kesmez.)

Böri goňşusyn iýmez.

Gara buludy ýel açar, para bile il açar. (Para berip, ili özüňe boýun egdirip bolar manysynda.)

Balyk suwda, gözi daşarda. (Gapyllyk hakda)

Buzdan suw damar. (Gylygy kakasyna meňzeýän adam hakynda)

Ot tütünsüz bolmaz, ýigit ýazyksyz. (Tüssesiz ot bolmaz, ýazyksyz adam.)

Suw görmän ädik dartma. (Suw görmän tamman çykarma.)

Deşik suwda bildirer.

Arslan kükrese, at aýagy duşalar.

Oglan suw döker, ulynyň ýany synar.

Tikmeseň önmez (bitmez), dilemeseň tapylmaz.

Gök demir gaýra durmaz (degen zadyny deşer).

Oglan işi iş bolmaz, owlak şahy sap bolmaz.

Oňat äriň süňki erär (çüýrär), ady galar.

Gutsuz (bagtsyz) guýa girse, (üstünden) gum ýagar.

Garga garrysyn kim biler, kişi alasyn kim tapar.

Garry öküz paltadan gorkmaz.

Guzaýda gar egsilmez, goýunda ýag egsilmez.

Dag daga gowuşmaz, adam adama gowşar.

Gul ýagy, it böri. (Gullaryň eýesine ýagy bolýanlygy hakynda.)

Goşa gylyç gyna sygmaz.

Galyň berse, gyz alar, gerek bolsa, gyz alar. (Bir zady islese, ýokary baha berip alar manysynda.)

Gorkmyş kişä goýun başy goşa görner. (Gorkana goşa görner.)

Gaýnar dere (derýa) kejiksiz (güzersiz) bolmaz.

Köp söwüde guş gonar, görkli kişä söz geler.

Agaç ujuna ýel deger, görkli kişä söz geler. (“Barly agaja daş atylar” diýip eşidipdim.)

Geriş ýagry ogla galar.

Kesewi uzyn bolsa, el köýmez.

Degirmende dogan syçan gök gürlemesinden gorkmaz.

Bir garga bilen gyş gelmez.

Birin-birin müň bolar, dama-dama köl bolar. (Ozal bu nakylyň diňe ikinji bölegini bilýärdim.)

Tomsyn zähmet çekse, gyşyn söýner. (Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz.)

Gurulmyş kiriş düwülmez, tanap bilen dag egilmez.

Ýitikli (zat ýitiren) enesiniň goýnuny agtarar.

Kişi sözleşip, haýwan ysgaşyp. (Adam sözleşe-sözleşe, haýwan ysgaşa-ysgaşa.)

Ýazmaýan (atylmaýan) ok bolmaz, ýaňylmaýan alym.

Atanyň dony ogla ýarasa, atasyny dilemez.

Düýä münüp, goýun arasynda bukulynmaz. (Düýä münüp, hataba bukma.)

Gutla (bagtla) goşa ýagar.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024