Köppartiýaly maşgala
(Radiooýun)
Waka Aşgabadyň eteginde, mugallymyň maşgalasynda bolup geçýär.
Gatnaşýarlar:
Juma, 52 ýaşynda, taryh mugallymy
Jeren, 50 ýaşynda, Jumanyň aýaly, çagalar bagynyň müdiri
Oraz aga, 60 ýaşynda, Jumanyň goňşusy, pensioner
Maksat, 20 ýaşynda, Juma bilen Jereniň ogly, student
Göwher, 23 ýaşynda, Juma bilen Jereniň gyzy, tikinçi
Aňyrdan gelen, MHM-niň ofiseri
Türkmen telewideniýesiniň diktorynyň sesi ilki batly eşidilip, kem-kemden peselýär:
“Hormatly prezidentimiz tarapyndan yglan edilen Täze galkynyş zamanamyzda ýurt baştutanymyzyň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berilýän önümçilik kärhanalary watanymyzyň ykdysady taýdan ýokary ösüşleri gazanmagyny üpjün edýär. Galkynyşlara beslenýän ajaýyp zamanamyzda gahryman arkadagymyzyň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde ýurdumyzyň dokma senagatynda ozal görlüp-eşidilmedik derejede şanly ösüşler gazanyldy…”
Juma: (üsgürinjiräp, öz-özi bilen gürleşýär) Bäh, ýadanoklaram-aýt... Şo bir sözler, hemmesem ýalan ýa bir çümmük çyn gatyp, durşuna ýalan ununyna ýugrulan...
Daşky gapynyň açylyp-ýapylany, soňra Jumanyň ogly Maksadyň sesi eşidilýär.
Maksat: (şadyýan) Gurbangula gurban men,
Gurban, gurban, gurban-eý!
Goşgy ýazýan durman men,
Durman, durman, durman-eý!..
Juma: (hüňürdäbräk, ogluna eşidilmez ýaly burnuna salyp gürleýär) Bäh, o göle boşansa, mundan beter diýlen-aý! Gara çyny ýaly-la muň...
Maksat: (beýleki otagdan gygyrýar) Kaka, maňa bir zat diýýäňmi?
Juma: Ýok, oglum, men şu telewizor bilen gürleşýän-le...
Telewidieniýäniň diktorynyň sesi eşidilip, kem-kemden peselip gidýär.
Maksat: (çylkasyz gülüp, kakasynyň ýanyna gelýär) He-he, kaka, ýene gaharyňy getirtdiňmi? “Düýe garrasa, köşegine eýerer” diýipdirler, sen meni diňle, diňleme şol telewizory.
Juma: (ynjyly) Meni beýle çalt garratjak bolmasana, oglum.
Maksat: (gülüp gürleýär) Wah, men seni garratjak bolamok-la, özüň özüňi garradýaň. Telewizor diňläp, hemme aýdylan gepe gaharlanyp otursaň, garraman nirä gitjek?
Juma: Gaharlanmaz ýalymy, oglum! Soňsuz ýalan sözleýärler-ä!..
Maksat: (biraz çynlakaý) Ýeri, şoňa gaharlanmalymy onsoň? Hany aýt, dagy näme etsinler? Seň özüň şolaryň ýerinde bolsaň näme etjek? (Türkmen telewideniýesiniň diktoryna öýkünip, gülüp gürleýär: “Mälim bolşy ýaly, Beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde üstünlikli amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler ýurdumyzyň ähli sebitleriniň durmuş-ykdysady düzümini döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir…” Soň ýene çynlakaý äheňde dowam edýär) Sen maňa birinji klasa gitmäkäm ýüz nakyl öwretdiň, ýadyňdamy? “Özüňde bolmadyk akyly nakyldan almaly” diýýädiň. “Günüm üçin günimiň oglanyny üwrärin”, “Köprüden geçýänçäň doňza daýy diý” - bular senden eşiden zatlarym dälmi? Ýa olary maňa başga biri öwredipmidi?
Juma: Wah, men öwredipdim-le, ýöne biz beýdip köprüden geçmän, zeýkanala batyp barýan ýaly... Türkmen telewizoryny diňlesem, gazýetlerini okasam (ol ýanyndaky gazýetleri alyp, mynçagalap zyňýar-ses) , men özümi guran guýa gaçan gurbaga ýaly duýýan, oglum...
Maksat: Diňleme onda, gazýetem okama, wessalam, iş tamam!
Juma: Wah, öwrenilen gylyk-da... Bolanok...
Daşardan itiň jabjynyp üýrýän sesi gelýär. Birsellemden daşky gapy açylyp-ýapylýar, (itiň sesi çalaja eşidilýär) Jeren gelýär.
Jeren: Alabaýy naharlamansyňyz öýdýän, hol aňyrdan gelýärkäm üýrüp, howlyny goran bolýar, janawer...
Juma: (öýkeli) Uly il gyzyl aç, it kimiň ýadyna düşýär. Ýöne o janawer bagtly, telewizorda aýdylýan “beýik özgertmeleri” bilenok. Ýagly süňk gemren günleriniň gelmeze gidip barýanyndan bihabar ol...
Maksat: (kinaýa bilen) “Agzybire taňry biýr, agzalany gaňrybiýr” diýipdirler... He-he, garaşyberiň bakaly, taňry kime näme berýärkä!
Jeren: (ogluna ýüzlenýär) Maksat jan, bar Alabaýy naharla, gapyda aç saklap, günä galmalyň.
Juma: Alabaýy meň özüm naharlaryn, Makasat saňa täze goşgusyny okap bersin, (ýaňsyly) ol ýene joşan ýaly...
Juma turup, gapydan çykýar –gapynyň sesi.
Maksadyň sesi ilki batly eşidilip, kem-kemden peselýär.
Maksat: Gurbangula gurban men,
Gurban, gurban, gurban-eý!
Goşgy ýazýan durman men,
Durman, durman, durman-eý!..
Arkadag ýoldan geçse,
Durar iller garaşyp.
Altyn Aýy ýalpyldap,
Berer döşe ýaraşyk.
Nazar salan ýerinden
Gögerer täze şäher;
Arkadagym türkmene
Eçildi aýdyň säher!..
Goşgy kem-kemden peselýär.
Saz, kem-kemden güýçlenýän telewizor sesi:
“Barha rowaçlanýan Täze galkynyş zamanamyzda hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde amala aşyrylýan uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň her biri döwlet baştutanymyzyň döredijilikli syýasatynyň, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygyna we rowaçlygyna gönükdirilen oňyn özgertmeler syýasatynyň äşgär netijesidir…”
Juma itini naharlaýar. Aram-aram köçeden geçýän maşynlaryň sesi, howludaky towuk ketekden towuklaryň sesi, pasyrdy, ganat sesi, itiň ýalagynyň şakyrdysy.
Juma: Alabaý, ýuwaş, janawer, senden başga it ýok bärde, howlukman iý... Gyssanyp iýseň, direktorymyz ýaly semräp, fitnese gatnamaly borsuň...
Howlynyň derwezesindäki gapy açylyp-ýapylýar –ses. Oraz aganyň aýak sesi.
Oraz aga gelýär.
Oraz aga: (ardynjyrap) Juma mollum, salawmaleýkim.
Juma: (oturan ýerinden turup görüşýär) Waleýkim essalam, özüňe salawmaleýkim, Oraz aga, gel, geç, içerden oturaly.
Oraz aga: Aý, içerileşip ýörmäli, şujagaz daşyň üstünde dyz epäýeýin men. Alabaý bilen gürleşip oturanyňy gördüm-de, sowulaýdym.
Juma: Oňarypsyň-da sowulsaň, “gelen döwlet” diýipdirler. Jerene çäý goý diýeýin men...
Oraz aga: (gyssanmaç) Ýok, ýok, çaý diýme, çaý-suw kemim ýok, ýöne gümür-ýamyr üçin geldim. Birhili, öýdäki galabalykdan ýüregim gysýar...
Juma: Be-be, Oraz aga, derýa ýaly giňmikäň diýýädim-le, eýgilikmi özi?
Oraz aga: Eýgilikmi ýa başga zat, özüň biliber. Merkezde ýaşaýan doganoglanymyň jaýy ýykylyp, jaýsyz galanda, soňuny pikir etmän, bize geläýiň diýdim. Ozal öýde diňe öz işsiz ogullam bardy, indi olaryň üstüne çykanlaram goşuldy. Bu-da owarram diýsem, şäheriň o çetindäki aýal doganymyň jaýynyň üstündenem bäş ýyldyzly otel düşýämiş. O-da Orazlara baraýmasak, başga barara gapymyz ýok diýýämiş...
Juma: Be, ol-a bolmandyr-ow! Jaý ýykma-da bir dert bold-aý bu millete...
Oraz aga: Wah, onda-da nä dert. Sen, tüweleme, çagalaryň işleşip, okaşyp ýör, bilýän dälsiň. Milletiň ýary işsiz, okuwsyz, jaýsys... Muň üstesine milýardlap dollar köşki-eýwana sowrulýar. Bu gidişde nirä bararys, bilemok. Hany, parlament köppartiýalyk hakda kanun kabul etmeli diýýädiler-ä, hiç zat eşideňokmy, oppozisiýa-beýlekä ýol açylyp, ýagdaý parahatçylyk bilen üýtgemezmikä?
Juma: (gülüp) Aý, o diýilýänler şetdaly bolamasa... Ýöne şo köppartiýalylyk diýýäniň biziň öýümizde döräp gelýär öýdýän.
Oraz aga: (geň galyp) Beh, o nähili, men gapdalymda bolýan zatdan habarsyz galaýdymmy?
Juma: (oýunlyga salyp) Ýöne biz entek podpolýede, Maksatdan başgamyz açyk işlemekden saklanýas.
Oraz aga. Wah, bir ýerde bolsa bolýar, podpolýeden çykarsyňyz bir gün, meň ýüregimi gysdyrýan zat ar-namysyň podpolýä gitmegi...
Juma: (gülüp) Gaty ymytlanyberme, goňşy, partiýalarymyzyň adyny aýtsam, göwnüň geçer.
Oraz aga: O nähili? Näme at dakdyňyz beýle?
Juma: Maksadyň partiýasyna ÝWP, ýagny Ýaş watançylar partiýasy diýýäs. Olaryň baş şygary “Watan diýip Gurbangula düşünýäris, Gurbanguly diýip Watana”. Ol Gurbanguly hakda goşgy ýazyp, para bermän okuwa girdi. Indem şeýdip baş redaktor bolaryn diýýär. Göwheriň partiýasyna PPP, ýagny Para üçin Pul partiýasy diýýäs. Gyzjagazym dört ýyl bäri medinstituta girjek bolýar, emma her gezek “Ruhnamadan” ýykýarlar. Gündizine atelýede, agşamyna öýde tikin tikip, iýmän-içmän, para üçin pul ýygnaýar indi. Jeren bolsa, bi ýaşdan soň birden dine ýykyldy. Oň partiýasyna HÝP, Halal Ýol partiýasy diýýäs.
Oraz aga: Olar düşnükli, seň partiýaň ady näme, bahymrak şony aýt maňa.
Juma: (gülüp) Näme, meňki şolardan üýtgeşik bolar öýdýäňmi?
Oraz aga: Hawa üýtgeşik bor, sen taryh mollumy, olar ýaly syýasy gögele däl...
Howlynyň derwezesindäki gapy açylyp-ýapylýar –sesler.
Juma: (pyşyrdap) “Ýuwaş, Göwher gelýär, syýasat barada gürrüň edýänimizi eşitmesin!”
Göwheriň aýak sesi.
Göwher. Oraz aga, salam!
Oraz aga: Salam, gyzym, gurgunmyň?
Göwher: Şükür, Oraz aga, gelnejem, oglanlar, gyzlar, hemmesi gurgunçylykmy? Iş diýip, irden çykýan, hiç kimi görübem bilemok men-ä...
Oraz aga: Gurgun, hemmesi gurgun, gyzym. Işiň bolsa, ýadaýan dimegin, köp adam iş tapanok bumat...
Göwher: Hawa, şeýle boldy-da... Nätjek, gaýrat etmeli-dä...
Oraz aga: Gaýrat et, gyzym, bu günlerem geçer.
Göwher: Sizem gaýrat ediň, Oraz aga!
Aýak sesi daşlaşýar.
Juma: (gyzynyň yzyndan) Ejeňe bir çaýam goý diýeweri, gyzym.
Göwher: Bolýa, kaka.
Gapynyň açylyp-ýapylýan sesi.
Oraz aga: Hawa, seň partiýaň ady näme onsoň?
Juma: (gülüp) Be, gaty gyzyklandyň-ow, goňşy. Näme, partiýama goşulmak niýetiň barmy?
Oraz aga: Millet dargap barýar, goňşy. Bu gidişde türmä girip-çykmadyk galjak däl. Tam süpüriji bolup işe girmek üçinem para bermeli. Onsoň biri okuw, biri iş diýip, her kim daşary ýurda gaçjak, yzyna gelmejek bolýar. 17-nji ýylyň rewolýusiýasyndan soň eşek tapan Eýrana, Owganystana aşdy, diňe eşeksizler galdy diýýädiler, şo bolup barýar ýene.
Juma: (gülüp) Soň onam bilip, eşeklerini kolhoza berdirdiler-dä, atam pahyr kolhozyň arabasyna goşulan daýaw eşegini soň-soňam ýatlapdyr. Kakam kän gürrüň beripdi.
Oraz aga: Aý, ol döwri ýatlamasana. Geçdigi bolsun. “Halk duşmany” diýip, ne gözel adamlary gelmeze iberipdirler ahyryn. Indi, her näme-de bolsa, Internet asyry. Eşek gerek däl, uçarly gidibermeli. Gorkuzjak bolup, tutup-basan bolýarlar, dälihana salýarlar, ýöne dünýä masgara bolup, derrew boşadýarlar.
Juma: Ýöne şo ýerde boşadylýançaň oturmagam aňsatdyr öýtme. Sag bolup, dälihana salynsaň, dogry-dürs halyňa türmede, ganojak jenaýatçylaň, neşe gaçakçylarynyň arasynda otursaň...
Oraz aga: Gepi başga ýana sowmaly-la, partiýa kada gürrüň edip otyrdyg-a! Sen maňa öz partiýaň adyny aýtjakmy ýa ýok?
Juma: (gülüp, sypjyklyk bilen) Oýun etdim-ow, Oraz aga, bizden partiýa nämişlesin, zat nämişlesin.
Oraz aga: (çynlakaý) Ýok, her oýunda çyn bar, ýüregiňde partiýa döretmek bolmasa, beýle oýun ýadyňa düşmezdi. Sen maňa partiýaň adyny aýt, soň meňem bir aýtjak zadym bar.
Juma: Be, Oraz aga, seň gara çynyň-ow. Görýän welin, aýtdyrman goýjak däl sen. Meň partiýama NAP, Nakyl-Akyl partiýasy diýýäs, he-he, boldumy? (Gülýär) Men nakyllar esasynda ýaşamaly diýýän, ýöne oglum Maksat ne NAPy, ne HÝPy, ne-de PPPy goldaýar. Ol siz raşional pikirlenip bileňzok, fleksible däl, indi ne nakyl, ne halallyk derde ýaraýar, para bermek üçin bolsa kän pul gerek, olam bizde ýok diýýär...
Oraz aga: Dogry aýdýar, ýöne onuň öz saýlan ýolam kelte, petige eltjek ýol, ol şu barada pikir etmeýärmikä? Öňki pahyry götergilän ministrleriň näçesi türmä düşdi, bu sapak bolmajakmyka adamlara?
Juma: Halkyň huşy kelte diýýärler, bu birinjiden. Ikinjiden, Maksat ministr boljak däl, baş redaktor boljak diýýär. Şonda, akyllyja bolsaň, hem baý ýaşap, hem türmä düşmän galyp bolýamyş.
It jabjynyp, köçeden geçip barýana üýrýär.
Juma: Alabaý, ýat, ýat janawer.
Itiň sesi peselip, kesilýär.
Oraz aga: Juma, sen akylly-sowatly adam, gel oýny bir ýana goýup, çynlakaý gürrüň edeli-le.
Juma: Be, Oraz aga, saňa bir döw-ä çalypdyr. Häli “bir aýtjak zadym bar” diýdiň welin, ýa özüň partiýa hyýalyna düşüp ýörmüň?
Oraz aga: Hawa, men ony şu gün saňa aýtmaga geldim, ýöne gülme. Biziňki çyn.
Juma: (gülüp) Bolýa, gülmäýin, aýt, sen nähili partiýa döretmek hyýalyna mündüň? Marks Ýewropada rewolýusiýa ruhy gezip ýör, dolandyrýanlar öňki ýaly dolandyryp bilenok, dolandyrylýanlar öňküsi ýaly dolandyrylmak islänok diýýädi welin, Merkezi Aziýada-da köppartiýalylyk ruhy gapy-gapy aýlanyp ýör öýdän. Ýöne ony Gyrgyzystandan bärik geçirmäýmeseler...
Oraz aga: Ýaňsyny goýaly, Juma! Köppartiýalylyk diňe Gyrgyzystanda däl, Gazagystanda, Täjigistanda, hatda Özbegistanda-da bar.
Juma: Hawa, olarda-da bar, ýöne olar dolandyryjy partiýanyň kölegesi ýa çäresis, ikinji sort partiýadyr, edip bilen zady bolmaz. Has anygy, olara hiç zat etdirmezler.
Oraz aga: Çäreli, güýçli partiýa gurmak üçin sowatly, düşünjeli adamlar birleşmeli, akylly adamlar gyrada otursa, güýçli partiýa gurup bolmaz.
Juma: Derdimi gozgamasana, goňşy. “Gelin bolmasagam, gädikden garap gördük” diýipdir öňem biri. Men partiýa döretjek bolanlaram çalarak gördüm. Olaram hökümeti alsa, enaýy bolar öýdemok. Açgözlük, dar pikirlilik çuň otyr bizde. Her kim wezipe isleýär, sebäbi şoň üstünden köp jaý, köp aýal, köp maşyn edinjek bolýa. Onsoň, gepläni dymdyrmaly, türme, zorluk ulanmaly. Gaçany alyp duran girdap bü. Okamzok, oýlanamzok. Diňe şu günüň aladasy bilen ýaşaýas... Belki, daşary ýurda giden ýaş nesil okap, işläp, başga medeniýet getirer, garaşmalymykak diýýän. Bize Gyrgyzystandaky ýaly etnigara uruş ýa tire dawasy gerek däl, sebäbi biz bu dawa girsek, daşyndan meçew berip, doly dargaýançak goýmazlar...
Oraz aga: Şu bolup oturşymyz dargamak dälmi onsoň? Seret, negözel okuwly adamlar, ýetişen adamlar türmeden geçdi, ýaşlaryň üçden biri neşä urdy, köpüsi okuwsyz, hünärsiz galýar, daşary ýurda giýäniň sany-sajagy ýok. Gyzlara durmuş gurara oglan ýok, otyr diýdirmejek bolup, neşekeşe baryp, soň aýrylyşýa bir topary...
Juma: Yrjak bolmasana, goňşy. Men halkymyzy gowy tanaýan. Bir iş etjek bolup, tutulsaň-basylsaň, doganyňam gülýä. Gülmedigem bilmedik bolýa, “Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok” bu milletiň baş şygary.
Oraz aga: (çynlakaý) Bu gürrüňleri ozalam kän etdik, goňşy. Gülen gülsün, bilmedik bilmesin, gelemdik gelmesin, ýöne indi mundan artyk hereketsiz oturmak binamyslyk bolar. Şoň üçin, men hem öz adymdan, hem beýleki bir topar obadaşyň adyndan ýörite geldim. Biz ANP, ýagny Ar-Namys partiýasyny döretdik, senem şoňa goşulmaga çagyrýas. Agzalaň sany bir çene barsa, hasaba aldyrmak üçin hökümete ýüz tutjak.
Juma: (aljyraň, gorkuly) Be, mundan çykdyň-ow, Oraz goňşy... Senden beýle zada garaşmandym. “Dek gezen dok gezer” diýipdirler, men-ä entejik garaşalyň, özi düzelişmezmi diýjek...
Oraz aga: Öz-özünden hiç zat bolmajagyny senem bilýäň, menem. Onsoňam, nakyl bilen gürlemeli bolsa, oruslaň “Mukaddes ýer boş galmaz” diýen sözi bar. Syýasat meýdany diňe köp jaý, köp maşyn we köp aýal aljaklaň ýeri bolmaly däl, ol hakyky döwlet ärleriniň ýeri bolmaly. Eger ol ýere sen barmasaň, men barmasam, gazýete dolap, daşary ýurtdan demokratiýa getirjek ýok. Iň gorkuly ýeri, hökümet halky bisowatlaşdyrma, aç we erksiz saklama syýasatyny dowam etse, bu meýdana radikal dinçiler geler, ýagdaý hasam bulaşar. Hökümet muny bilýär, “wahhabi” bahanasy bilen dinçileri jyrraldyp ýöreni şondan...
Açylan gapynyň sesi.
Maksat: (gygyrybrak) Kaka, ejem çaý demledi, Oraz aganam al-da, içerik gel diýýär.
Juma: (ýeňillik bilen dem alyp) Bolar, oglum. (Oraz aga ýüzlenip) Goňşy, ýör içerik, galanyny çaý başynda gürleşeli.
Oraz aga: Ýok, sag bol, sen çaýyňy iç hem oýlan. Gün gysgalansoň, garaňky çalt düşýär. Meň ýene birki kişi bilen gürleşmek işim bar.
Juma: (ýarym pyşyrdy bilen) Seresap bolaweri, ýokardakylar çöp başy gymyldasa görýändir. Gürleşýän adamlaň satmajagyna gözüň ýetýämi?
Oraz aga: Biz ogurlyk edemzok, kanun boýunça syýasy partiýa döretjek bolýas.
Juma: Wah, ol şeýle-le, ýöne bu ýurtda syýasy partiýa döretjek bolanlaň nireden çykarylýany belli ahyryn.
Oraz aga: (ýerinden turup) Bu ýurtda baş prokuror, baş KGB, parlamentiň başlygy ýa ministr, premýer ministr bolýanlaň hem soň nireden çykarylýany belli. Emma şo wezipeleň üsti gyzyl el...
Iki goňşynyň elleşip hoşlaşyşy, soň aýak sesleri, ilki howlynyň derwezesindäki gapynyň, soň jaýyň gapysynyň açylylp-ýapylýan sesleri eşidilýär we içerde “Maňa seniň ak güllerim” diýen belent ýaňlanýan aýdym bilen utgaşýar.
Juma: Maksat jan, oglum, peseltsene şoň sesini. Ogurlyk aýdym diýýäler-ä oňa, senem zol zowladyp goýberýäň...
Maksat: (Aýdymy peseldýär, aýdym peseldigiçe beýleki otagdaky tikin maşynyň sesi güýçlenýär.) Gördüňmi, aýdymy peseltsem, PPP-niň mukamy güýçlenýär.
Juma: Aralykdaky gapylary ýapyşdyr-aý, iş barka, edeýin diýýändir gyzjagazym. Görgüli, para puly ýygnanjak diýip, işden gelibem maşynyň başyndan aýrylyp bilenok-da...
Maksat: Arkadagyň özi döredipdir-ow, kaka, şol aýdymy, ýöne ilki salyhatlylyk edip, ýaş bagşa aýtdyrypdyr...
Juma: (kinaýaly) Hä, soň onsoň salyhatlylygy gutaraýypdyrmy?
Jeren: (gatyrganybrak) Goýuň şu jedeliňizi! Pygamberimiz “Abraýly kişileriň hatalaryny we kemçiliklerini bagyşlaň” diýipdir. Geçirimli bolmak uly günälerden halas edermiş.
Maksat: (gülüp) Berekella, HÝP, şeýdip goldap dursaň, biz bir gün koalisiýa-da gurarys öýdýän.
Jeren: Oýna salma, oglum, men çynymy aýdýan.
Juma: Hany, HÝP ozal pygamberiň başga bir hadysyny köp gaýtalaýady-la; “gepiň netijelisi zalym patyşanyň öňünde aýdylan hak sözdür” diýýädi-le? Ýa bolmasa, “Dogruçyllykdan howp-hatar görseňiz hem dogry sözläň. Şonda kemal taparsyňyz. Eger peýda görüp dursaňyz hem ýalandan saklanyň. Çünki, barybir ýalanyň soňy waý” diýýädi-le?
Jeren: Pygamberimiziň her zat barada eden anyk sargydy bar, olaryň birini beýlekisine garşy goýmak gabahat bolar.
Maksat: Berekella, HÝP, meniň saňa, syýasy jedel medeniýetiňe, sowukganly gürleýşiňe göwnüm ýetýär. “Özüň mamla bolsaň, gygyryp gürlemegiň hajaty ýok” diýipdirler.
Edaly aýak sesi eşidilýär. Beýleki otagdan Göwher gelýär.
Göwher: Ýene şol soňsuz jedele başladyňyzmy?
Juma: Wah, gyzjagazym, sen ýadawsyň. Gel meň ýanymda otur, men saňa çaý guýup bereýin.
Göwher: Sag bol, kaka. Sen zähmet edinme, çaýymy özüm guýnaryn.
Juma: Okuw puly birneme üýşýärmi, gyzym?
Göwher: Aý, iliň köýnegini tikip, ýaka bejerip, okuwa girip bolasy ýok-la, içimiň ýangynjyna aýdan zadym boldy ol, sizem alyp göterdiňiz. Her ýyl bermeli para köpelýär-ä, tikin maşyn bilen yzyndan ýetdirjek gümany barmy?
Jeren: Yzyndan ýetdirende-de, halal puluňy haramhor paraça berip bolmaz. Pygamberimiz “Emiriň sowgat almagy haramdyr, kazynyň para almagy dinden çykmakdyr” diýipdir. Öz gazanan zadyňy özüňe siňdir, hiç zat üçin harama beriji bolma.
Göwher: Başlygymam şony diýýä, geçen ýyl karz-kowala çümüp, gyzyny okuwa saldy. “Çagamyň okuwa eli degenok, hepdeaşa bir medeni ýäre tapýalar, galan wagtam marşirowka bilen ýykýalar” diýýä.
Jeren: Pygamberimiz “Para berýän hem, ony alýan hem dowzaha höküm edilendir” diýipdir. “Para berýäni hem, ony alýany hem, olaryň arasynda durýany hem Alla näletlesin!” diýipdir.
Juma: (gülýär) Bä, onda biziň mekdep direktorymyzam bir gün dowzah oduna çürşjek-dä. He-he...
Jeren: “Taňrynyň nazarynda dogry sözden artyk sadaka ýokdur” diýipdir pygamberimiz. “Hantamalyk ulamalaryň kalbyndaky hikmeti, danalygy ýitirýär” diýipdir ol...
Juma: (Maksada ýüzlenýär) Oglum, bu aýdylýan zatlardan senem netije çykarsaň gowy bolardy.
Maksat: (gaharly) Kaka, senem-aý, başlama-da şu gürrüňi ýene.
Jeren: “Kimde-kim zalyma başgalaryň hakyny iýmäge kömek berse, ol Taňrynyň we onuň pygamberiniň ähti-peýmanyny bozan hasaplanýar” diýipdir pygamber...
Maksat: (gaharly) Goýalyň-low şu gürrüňleri!
Juma: (ýalbaryjy äheňde) Oglum, seret, Orsýetde Putin prezident boljak ýene, arap ýurtlarynda bolýan zatlara seret! Bu zatlar bizde-de beýle gitmez. Ýaş başyňdan hapa çümme, soň arassalanmak kyn düşer.
Maksat: Ýeri, Putin prezident bolanda näme üýtgejekmiş?
Juma: Pylan diýme, biziňki gowşak, ýene öňki SSSR ýaly bir zat döretseler, döreder otyrbiýrler.
Maksat: (gaharly) Bolmaz-ow, kaka, şol aýdýanyň bolmaz! Näme, Putin öň prezidentden pesmidi? Ýa ol öň rus imperiýasyny dikeltmek islänokdy-da, indi dikeltmek isleýämi? Ozalam dikeltjekdi ol, emma başarmady. Ýene başarmaz. Oňa muny etdirmezler. Çeçenleri saklap bilse zor bolsun gaýta.
Juma: Onda arap ýurtlarynda bolýan zatlara näme diýjek? Ertir bärde-de şoň ýaly bir zat gopsa, seň ýaly “watançylary” tüweleýine garyp taşlamazmy?
Maksat: (gaharly) Bärde oň ýaly zat gopmaz, kaka! Mollummyz aýdýar, bärde Tunisdäki ýaly zadyň gopmagy üçin ýene azyndan 25 ýyl gerek, Müsürdäki ýaly zadyň bolmagy üçin azyndan 35 ýyl gerek, Liwiýadaky zatlaryň gaýtalanmagy üçin bolsa azyndan 45 ýyl gerek. Ýöne 45 ýyldanam hiç zat bolmaz bärde, sebäbi o taýda hudaýa ynanýan kän, bärdäki ýaly ataizm bolmasy. Onsoň, arap ýurtlaryndan daşary ýurda gidip okanam kän. Bizde bolsa Internet ýaňy gelýär, klasdaşlarymyň biri o gün menden “Internet iýilýän zatmy ýa içilýän zat?” diýip sorady...
Juma: Onda-da durmuş çalt özgerýär, Günbatar demokratiýa, raýat jemgyýeti, adam hukuklary diýip, özüniňkä tutup otyr...
Maksat: Şo gykylyga hakykatdanam ynanýaň-maý, kaka? Mollummyz olara gaz gerek, gazam alarlar, şoň bilen demokratiýa-da gutarar, adam hukuklaram diýýär. Mollummyz dogry aýdýar, kim wezipede oturan bolsa, şoň bilen oýnaýar olar, halk bilen oýananok. Biziňki gowşak diýýäň, emma bir elini Pekine, beýlekisini Tährana uzadýar, arasynda-da Owganystan, Pakistan kartyny oýnaýar, Nabukko pökgüsini gapan bolýar, näme, göreňokmy bu zatlary?
Göwher: Demagogiýaňy bes etsene, Maksat. Biziňki näme edýänini, näme goýýanyny bilýändir öýdemok men. Adamlar duralgada gürrüň edip gülýärler, oň özüni öwdürjek bolşy gaty samsyk diýýärler. Ynanmasaň, ynha, habarlaryň wagty boldy, telewizora seredäý!
Telewizordan diktoryň sesi eşidilýär:
“Gönüden-göni hormatly prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler özüniň aýdyň netijesini berýär...”
Göwher: Kim ynanýandyr öýdýäň şu gürrüňlere? Seň ýaly syýasy matlap üçin ynanasy gelýän bolmasa, bu pakyrda gulak gabardýan ýok. Gülýän welin bärha köpelýär.
Birsellem hiç kimden ses çykmaýar. Ýöne birden daşardan yz-yzyna gelip durýan maşynlaryň sesleri, maşynlaryň gapylarynyň gürpüldedip ýapylyşy, Alabaýyň jabjynyp üýrýän sesi eşidilýär we birsellemden Oraz aganyň çirkin sesi töwerege ýaň salýar.
Oraz aganyň sesi: Adamlar, eşideweriň-how, öýüme neşe taşlap tutýalar, partiýa döredýänim üçin töhmet atýarlar, eşideweriň-ow, adamlar...
Oraz aganyň sesi birden çykyşy ýaly, birdenem kesilýär.
Juma: Beh, näme bolýar-aýt? Beýle-de bir zat bormy?
Maksat: (gaharly) Näme geň galýaň? Ýa beýle zat diňe şu gün, birinji gezek bolýarmy? Ýeri, näme edip biljek? Hany ol araplaryňky ýaly halk? Nirede? Ýöne ýerden goşgy ýazýandyryn men? Işsiz bolmajak bolup ýazýan. Maýmyn öz erkine oýnanok ahyryn...
Daşardsan itiň has gaty-gaty üýrýäni eşidilýär. Howlynyň gapysy kakylýar. Juma gapyny açyp, işigiň agzynda duran ýerinden iti köşeşdirýär.
Juma: Alabaý, ýat! Gapy açykdyr, geliberiň.
Alabaý hyňranjyrap, yza çekilýär, aňyrdan gelýäniň daşky gapyny açyp-ýapyşy, aýak sesi eşidilýär.
Aňyrdan gelen: (mylaýym gürleýär) Salawmalaeýkim, ýaşuly! Men milli howpsuzlyk ministrliginden, goňşyň öýünden uly mukdarda neşe tapyldy. Protokola gol çekip, şaýat bolup berseň diýip geldik...
Juma: (ýaýdanjyrap) Men goşulmasam bolmazmy? Goňşuçylyk, birhili...
Jeren: (ara düşýär) Biz siziň o zatlary özüňiziň getirmäniňizi, hakykatdan hem tapanyňyzy nireden bileli?
Aňyrdan gelen: Ýak, gelneje, aýdýan zadyň näme? Biz milli howpsuzlyk ministrliginden, beýle iş etmeris-ä...
Jeren: Pygamberimiz “Gören-bileni hakda güwälik bermekden ýüz öwren ýalan güwälik beren bilen deňdir” diýipdir. Ýaňy biz Oraz aganyň gygyrýan sesini eşitdik. Ol: “Öýüme neşe taşlap tutýalar, partiýa döredýänim üçin töhmet atýarlar” diýip gygyrdy.
Aňyrdan gelen: Ol ýalan sözleýär, nadaralyk edýär. Tutulýanlaň hemmesi ilki şeýle diýýär, soňam boýun alýar...
Juma: Men Oraz aga belet, ol ýalany oýun edibem aýdýan adam däl...
Jeren: Pygamberimiz “Mömin kişini näletlemek ony öldürmek bilen deňdir” diýipdir, bize anyk bilmeýän zadymyzy tassyklatjak bolmaň?!
Aňyrdan gelen: Bä, wahhabistleň üstünden geldim-ow... Bolýa, häzirlikçe sag boluň, Ýeriň göbegi siz däl, başga şaýat taparys...
Ilki daşlaşyp barýan aýak sesi, soň ýapylan gapynyň sesi.
Juma: (pyşyrdap) Wah, edeniň bar bolsun! Seresap bol diýdim-ä men, goňşy... Ar-Namys partiýasyny döretdirjeklermi bular saňa?
Göwher: (pyşyrdap) Gaýgy etme, kaka! Oraz aga ýeke däl, oň arkasynda duranlaň içinde seň Göwher gyzyňam bar...
Juma: (geň galyp) Hä, näme diýdiň?.. Degmez, Göwherim, degmez! Başyňy gowga salanyňa degýän halkymyz ýokdur, biparh tomaşaçy bardyr. Hana, göreňokmy, Oraz aga “öýüme neşe taşlap tutýalar” diýip gygyrýar, bir adam kömege barýarmy? Ozal näçe adam ýandy şu halk üçin?!.
Göwher: (merdemsi) Men bu işi halk üçin edemok, kaka, özüm üçin edýän.
“Saňa meniň ak güllerim” diýen aýdym batly ýaňlanýar.
()