Pikir etme 'sagbol' alaryn diýip

Ezileni ezijiniň elinden
sypdyrjak bolsaň dyzap,
boşatjak bolsaň ýesiri
el-aýagy daňylan,
pikir etme ’sagbol’ alaryn diýip,
aşak çekjek bolar aşak zyňylan.

Dilin boşadanyň dil bilen urar,
iň gowy sögünji “dönük”, “haýyndyr”.
Elin boşadanyň el bilen urar,
ýüzüň-gözüň diýmez, gaty awundyr.

Pikir etme göz eçilseň gözsüze
ýüzüňe ýylgyryp sereder diýip;
geň görme saçagyň hapalap gitse,
aryp gelen myhman, çöregiň iýip...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019