Ruhy ýagdaý
Urlan uçarda ýogalanlaryň ruhuna bagyşlanýar
Okan wagtym synag üçin okapdym,
wagtym ýokdy düşünmäge, bilmäge,
hatar-hatar synag bardy, käbiri
diýerdi: Wah, wagtym bolsa ölmäge...
Indi az-maz okaýaryn oturyp,
Engels aga diýen eken milleti
dargatmagyň iki ýoly, ugry bar,
birinjisi jeza bermek bigünä,
ikinjisi günäkäre degmezlik,
göre-bile ogurlanan iliňi,
tas mümkin däl ogra başyň egmezlik...
Basyp alnan millet basyp alanyň
gylyklaryn alýar, galňaýar ýüzi,
utanmaýar aýdýan, diýýän sözünden,
açyk ýa-da ertir üsti açyljak
ýalan bilen gülüp-oýnap ýaşaýar,
ýöne oňa sen ýalanyň ýesiri,
öz-özüňi aldamagy goý diýip,
ýas tutmaly halyň barka tans etme,
aýdym aýtma bu gün uly toý diýip,
eger-eger, baryp aýdyp bolmaýar,
belki, bu bir uly ruhy ýagdaý,
üstün kakyp, bar ýykylan galmaýar.