Gowy pikir

Gowy pikir etmeli,
görmeli gowy zady,
guwanmaly gowulyga,
erbetlige gahar edip,
gynanyp ýörmän soňsuz,
begenmeli bir çagajyk
ýörjen-ýörjen bolsa görüp,
ýa biri ýykylsa ýolda,
eliňi bermeli baryp,
ýa-da ýylgyrmaly ýat bir geçegçä,
hökman däl günde göreşmek,
käte erbedi-de goýmaly ýeke,
özi bilen, päli bilen ikiçäk,
görmedik bolmaly ogry-kezzaby,
goý, ogurlan malyn iýsin arkaýyn,
belki şondan soňra, pikirin durlap,
diýer: “Besdir, haýyr çüýün kakaýyn,
pikirin edeýin ýykmaň däl, gurmaň...”

Gowy pikir etmeli,
hatda erbetler hakda,
sögüp, gahar edip ýörmän her gendä,
düşünjek bolmaly derdine derman
tapman ýerde dowzah gurunan bendä;
diýmeli “belki-de gargandyr taňry”,
sebäp erbet hakda erbet pikiri
etdigiňçe özüň itýärsiň aňryk...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024