Sen beýik bol
Sen beýik bol, pes bolma,
peselme köp bolup ýyksalar ýere,
ýa eselme galdyrsalar ýokaryk,
garşy diýseler şere;
garaşsalar başarmajak işiňe,
bolmasa-da etjek bol,
gynanma söweşde döwlen dişiňe!
Sen beýik bol, pes bolma,
pese akma suw ýaly,
bahanadan ýüklenip,
kän diýme dünýäň aly;
aklama özüňi müň sebäp tapyp,
ýa-da garalama başgany jyzyp,
beýik bolmak basyp geçmek däl pesi,
başarsaň gözýaşyn sylmak ejiziň...