Biziň jaýymyz

O jaý bizden kän owal,
kän ýyl ozal gurlupdy,
düýbi tutulyp gowgada,
soň boýun ýetirjek bolup,
jan derin döküpdi millet,
emma bes etmändi ýadap,
maýyp-müjrüp edilse-de,
öldürilse-de ärler,
daşdan, içden atylyp,
ýa urulyp arkadan;
o jaý biziň jaýymyzdy,
gurluşygy gutarmadyk,
gurulmaly ömürlik,
goralmaly bakyýa,
ýatman içinde diňe,
emma bizden gysgandylar,
gurjak bolsak, ýykýaň diýip,
girjek bolsak, çykýaň diýip,
gapysyny, söýesini,
äpişgesin sypalap,
sarygarynjadan gorap,
saklamaga goýmadylar,
barjak bolsak, barma diýip,
durjak bolsak, durma diýip,
indem ýumurýarlar gurýarys diýip,
biz daşda ölýäris özümiz iýip...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024