Meniň goşgym üçin näme iň erbet?
Meniň goşgym üçin näme iň erbet,
gaty diwar, galyň diwar geçilmez,
näme meniň galamymy gowşadan,
iň ejizlän ýeri nirde ylhamyň,
Hakdan gelen, haky agtaryp, meger,
türmemi, zyndanmy demir gapyly,
demir gözenegi gözüme çümen,
ýa durşuna türme bolan ülkemi,
ýa han bolup ýaşamaly,
ýa san bolup ýaşamaly,
ejirmi, azapmy etimden ötüp,
süňňümden syzylyp, ýiligme sümen,
näme meniň goşgym üçin iň ýaman,
garyp ilden aýran gara sanawmy,
senzuramy, döwlet syrlaryn gorap,
döwleti içinden ýykyp-ýumurýan,
gedaý goýup, köçä kowýan milleti,
ogrumy, jümrümi, kim, näme, aýdyň,
neneňsi, nirede boguldy aýdym,
Hakdan gelen, haky agtaryp, meger,
başym alyp, gaçyp gitmekmi daşa,
hemem ýat illerde döwet galamy,
mazar agajy dek çümdürip başa,
gugaryp galmakmy garyp mazar deý;
meniň şygrym üçin iň ýaman näme,
iň basylan ýeri nirde ylhamyň,
açlyk, ýalaňaçlyk, teşnelikmi ýa,
ýalňyzlykmy, gözün ýumanda eneň,
ýat ilde bagyryp, ölmekmi ölmän,
meniň sözüm üçin iň ýaman näme,
näme bolar haky ýok eden, ýülmän?..