Surat

“Pelle-pelle aşak düşer adamzat...”

Dostum Baýram Lallykowyň "Magtymguly" diýen işiniň öňünde, şahyryň bir setiri baradaky oýlanma

Hemme adam aşak düşüp otursa,
hemmeler peselse puluñ öñünde;
hemme adam barha uşap otursa,
adam tapylarmy adam deñinde?

Adam aşak düşse gepinde, sözde,
agyz deñäp ýörse öñýeten bilen;
ýa diýmeli sözi diýip bilmese,
haýp adam bolsa işde däl, sözde!

Hemme adam aşak düşse, peselse,
deñlik ýa mertebe galmasa kimde,
her kim beýlekiden aşak egilse,
kim kimden yzda bor, kim kimden öñde?

10.06.09.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019