Adam adalaty

Din ýalançyň dilinde,
ýa elinde ýaragdyr,
kanunlar-da ýazylan,
ýazylmadyk, kämahal,
her hilije bozular...

Güýçli bolan bolşewik,
ýa başgalar, parhy ýok,
aldar, çapar sadany,
basyp alyp deňizleri,
arasynda adany,
garyp bolan ýesir, gul,
bolar nöker ýaş, garry,
meýletin ýa mejbury,
gider gyrmaga garyp,
özi ýaly adamlary,
hem garaşar ajala,
gora diýip ýaradan,
adam bolmak iki gün,
gorkmak akdan, garadan...

Din zalymyň dilinde,
ýa elinde ýaragdyr,
mally bolar öň atan,
öň öldüren, öň talan,
iň kän gyran baş hudaý,
ýazar kanun, kadany,
basyp alar deňizleri,
arasynda adany...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026