Şahyr oýny
Öň birini nätdiler,
şahyr diýip, şa diýip,
ýene ýeri gazylýar
ýykyljagyň, gitjegiň,
ýadan ýaly birleri,
ýa-da puldan kösenýän,
goşgy ýazyp beripdir,
goşgy diýip, goşgy däl,
lenji çykan at gepi,
it gürrüňi, beýleki,
bu bir oýun, oýnalan kän,
geň galmaly, ýöntem örän,
güljek ýäly ýerden ýörän,
emma işin bitirýär,
otuz ýyldyr, gözli kör
günde ýolun ýitirýär...