Kasamdan soňky kada
Olar kasam edýär ilki,
elin goýup kitaba ýa
baýdak ogşap, beýleki,
soň milleti basgylaýar,
adam saýman adamy,
wezipesi ýa kän puly,
mal-dünýesi bolmasa,
depeleýär kanunlary,
ýazylan ýa ýazylmadyk,
çünki bilýär arkasynda
durýar döwlet maşyny,
ene-ata, çagalary
gorajak ýok, görýär olar,
iki-ýeke gahar eden,
agzyn açan ýok edilýär,
soňra bolýar bolmasyz zat,
bolmaly dek bu hut şeýle,
aýak degsin, taýak degsin,
diýmez hiç kim bolmaz beýle...