Zor döwlet
O döwletiň eden zady,
iň esasy, bilmeli biz,
düşünmeli, diňe garyp
düşürmek däl il-ulusy,
gaýgy bolar ýaly çörek,
belki, saýyp samsyk, sada,
ýa-da gaçsyn diýip bady,
türmä öwrüp bütin ýurdy,
gaçsak ýurtdan bilmän çydap,
gaýdyp gelsek özümizi
duýmaz ýaly etdi adam...