Täze nesil manifesti
''Bagty diňe kinolarda gördüm men'',
muny öňki halypalar, Ezizow,
Kerim aga, Berdinazar, bilýäris,
aýdyp, boýun alyp bilmezdi, çünki
çörek atly, pyýadady adamlar,
ikinjiden, garaşsyzlyk sözüni,
hatda düýşüňde-de agzap bolmazdy,
37 diňe dilin baglaman,
aňyny-da çaşyrypdy milletiň,
indi başga, goly bagly bolsa-da,
ýoly bagly, wiza almak paraly,
garyplykdan ýürek-bagry ýaraly,
ýeňilse-de türkmen özünden dörän
KGB-den, çekjek ertir jezasyn,
ata-baba erki, ganynda galan,
Gönübegiň göni dili zandynda,
ýüreginden gelýän sözi saklaman,
aýdyp biljek nesil gelýär, maşalla,
bilýän, bagty kinolardan gözlemän,
özümizden, sözümizden taparys,
bir-biregiň göni garap ýüzüne,
güýç-kuwwaty gözümizden taparys,
bakmarys biz indi uzak aşaga,
tamdyr gyzýar, çöregimiz Gün ýaly,
bitin bolar, öz wagtynda ýaparys,
besdir, gijä galmak, garaşmak döwrün,
kim islese alsyn, bize gerek däl,
biz ýaşajak adam ýaly, kommunist,
bolşewige epilenden ýüz öwrüp!