Surat

Hudaý görkezmesin

Berdinazar ýaly satlyk
bolan bolsa ähli şahyr,
senet bizden ýüz öwürip,
sözün diýýän bagşylaryň,
sazyn iýýän sazandanyň
biri galman, çaýyrçylar,
bugdaý sözli adam goýman,
derek ýaly boý alardy,
ýüreklerde galan arman,
mumyýa dek syzyp çykyp,
seýik bolup il derdine,
ýaňlanmazdy toýda, gije,
Berdinazar ýaly satlyk
bolan bolsa ähli şahyr,
hiç bir sözüň bolman güýji,
güň bolardy türkmen pahyr...

Eger-de ol bolan bolsa,
bäş wagtyna namaz okan,
göz üçin däl, ýüreginden,
bolan bolsa ýa ateist,
bolşewige gulluk etmän,
bolan bolsa monarhist ol,
pul üçin däl, at üçin däl,
hawa, şeýle, pikiri-dä,
ynanjy-da diýerdim men,
emma bilip, görüp oýnun,
aý, öldi-laý, zat diýmäýin
diýmedim men, başarmadym,
diýýän hudaý görkezmesin,
şeýle bolsaň, ýaşarmydyň?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026